Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-iň Başlygyny gutlady

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-iň Başlygyny gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz atlaryndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä hem-de ýurduň dostlukly halkyna täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda «Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan Bahar baýramy Hytaýda möhüm we giňden bellenilýän baýramdyr. Goý, ýetip gelýän täze ýyl ýurduňyzyň ähli halkyna saglyk, bagtyýarlyk we gülläp ösüş getirsin!» diýip belleýär.

«Bu ajaýyp baýram täze ýylyň buşlukçysy bolmak bilen, häzirki zaman jemgyýetinde özara düşünişmegi pugtalandyrmakda we sazlaşygy emele getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny çuň taryhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Men Siziň bilen geçen ýylyň noýabrynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji forumynyň çäklerinde Pekin şäherinde geçirilen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda biz döwletara gatnaşyklarymyzyň üýtgewsiz dostlukly we strategik häsiýetine ýokary baha berdik» diýip, Gahryman Arkadagymyz hem gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Iň täze habarlar