Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistan aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny giňeltmek baradaky GH konferensiýasyna gatnaşýar

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
Türkmenistan aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny giňeltmek baradaky GH konferensiýasyna gatnaşýar

Düýn Baku şäherinde zenanlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça Halkara Goşulmazlyk hereketi konferensiýasy öz işine başlady. Duşuşyga türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Duşuşygyň açylyşynda Azerbeýjanyň Adalatçysy Sabina Aliýewa, Döwlet synag merkeziniň müdiriýetiniň başlygy Maleýka Abbaszade, Azerbeýjanyň birinji Adalatçysy Elmira Süleýmanowa we beýleki döwlet işgärleri çykyş etdiler.

Şeýle hem, maslahata birnäçe halkara guramalary hem gatnaşýar. Olaryň arasynda: BMG, BYBYMG ISESCO we Halkara türk medeniýeti we mirasy gaznasy bardyr. Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden: Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan, Sudan, Russiýa, Indoneziýa, Müsür, Wenesuela, Palestina, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki ýurtlardan hünärmenler gatnaşdy.

Goşulmazlyk hereketi harby-syýasy bileleşikleriň düzümine girmeýändiklerini we daşary syýasatynyň esasy hökmünde garaşsyzlyk we deňlik ýörelgelerinde parahatçylykly ýaşaşandygyny yglan eden ýurtlary birleşdirýär. Onuň düzümine 120 sany döwlet girýär we başga-da birnäçe ýurtlar we halkara guramalar bu ýerde synçy statusyna eýedirler.


Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.
SalamNews