Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň öňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Taraplar halkara meýdançasynda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly we uzakmöhletleýin häsiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, ösen tehnologiýalar ulgamy, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna maýa goýumlary ýaly ugurlar bar.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän wajyp ugry hökmünde görkezdiler. Ylym we bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.
SalamNews