Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

26-njy ýanwarda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ýyldyz» otelinde Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy. Oňa wise-premýer Batyr Atdaýew, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Resmi kabul edişlik dabarasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durlup geçildi. Hindistanyň ilçisiniň bellemegine görä, geçen ýylda Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda özara haryt dolanyşygy 250 million dollar töweregi boldy. Halkara awiagatnawlaryň açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň şu ýylda has-da ösdürilmegine garaşylýar.

Iki ýurduň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçen ilçi Hindistanyň «ITEC» bilim maksatnamasynyň çäginde häzirki döwre çenli türkmenistanly ýaşlaryň 400-den gowragynyň Hindistanda bilim alandygyny aýtdy. «ICCR» bilim maksatnamasynyň çäginde bolsa türkmenistanly ýaşlaryň 250-den gowragyna Hindistanda talyp hakly okuwlary okamaga mümkinçilik döredildi.

«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi arkaly türkmen-hindi gatnaşyklarynda täze mümkinçilikler açylýar.

Öz gezeginde, wise-premýer Batyr Atdaýew çärä gatnaşyjylary Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem resmi kabul edişlik dabarasynyň çäklerinde Hindistanyň Garaşyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini görkezýän ýörite sergi guraldy hem-de resmi günortanlyk nahary berildi.

Iň täze habarlar

Daşary ýurtlardaky ildeşlerimiziň saýlawlar boýunça öňünden ses bermekleri dowam edýär

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek dowam edýär.
SalamNews

Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellendi

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.
SalamNews

Türkmenistanyň ilçisi Lýuksemburgyň gersogyna ynanç hatlaryny gowşurdy

22-nji martda Türkmenistanyň ilçisi S.Pälwanow Lýuksemburgyň gersogy Anri Gabriýel Feliks Mari Giýo ynanç hatyny gowşurdy.
SalamNews