Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentini milli baýramy mynasybetli gutladylar

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentini milli baýramy mynasybetli gutladylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz atlaryndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda: «Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygymyzy beýan edýäris» diýlip bellenilýär.

«Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasyny köp asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň geljekde hem ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler.


Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews