Serdar Berdimuhamedow kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
SalamNews

20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi O.D.Kononenka doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
«Hormatly Oleg Dmitriýewiç, doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň» diýip döwlet Baştutany gutlag hatynda kosmonawta tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Gazak Lideri sapar bilen Türkmenistana geler
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 29-njy iýunda geçiriljek Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geler. Bu barada kazinform.kz habar berýär.
Türkmen wekiliýeti Wýetnamda gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 27-nji iýuny 1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitiniň maksatnamasy taýýarlandy
24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmegiň maksatnamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.