Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berdi.

Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygiderli görnüşde ösýändigi bellenildi.

Taraplar Iş toparynyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler, şeýle hem bu babatda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.
SalamNews