Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

23-nji martda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.

Şeýle hem taraplar duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Diplomatlar «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Iň täze habarlar