Sazlamalar

Diller

TM

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP 28) gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP 28) gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP 28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady. 

Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýdaky Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.

«Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP-28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews