Sazlamalar

Diller

TM

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

5-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Işewürleriň arasynda söwda, maýa goýum we beýleki ugurlarda özara hereketleriň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berip, häzirki wagtda biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris» diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda uly işleri alyp barýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň eýeleýän uly orny aýratyn bellendi.

Duşuşygyň çäklerinde işewürler geňeşiniň agzalary bolan, türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge çemeleşmeler beýan edildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, açylýan mümkinçilikler, bilelikde üstünlikli işlemegiň köpýyllyk tejribesi hem-de ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýlary nazara alnyp, Türkmenistanda amala aşyrylýan täze taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar.

Iň täze habarlar