
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly G.Garaýew «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory A.Ugarow bilen duşuşdy.
Duşuşykda Güýç Garaýew baş redaktor Alekseý Ugarowa daşary ýurt žurnalisi hökmünde Türkmenistanda akkreditirlenendigi boýunça degişli şahadatnamany gowşurdy.
Soňra taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarystanyň metbugatynda, galyberse-de, «Tatarystan Respublikasy» gazetinde beýan etmek işini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar iki ýurduň žurnalistleriniň arasynda tejribe alyşmagy hem-de žurnalistika bölümleriniň talyplary üçin onlaýn leksiýalary guramak, «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň Türkmenistanyň degişli neşirleri bilen şertnama baglaşmagy hem-de beýlekiler barada pikir alyşdylar.
Alekseý Ugarow 1996-njy ýyldan bäri žurnalistika boýunça zähmet çekýär. Ol «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenmezinden öň «Tatar-inform» habarlar gullugynda şef-redaktor wezipesini ýerine ýetiripdi. A.Ugarow 2023-nji ýylyň iýunynda esaslandyryjylary Döwlet Geňeşi we Tatarystan Respublikasynyň hökümeti bolan «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktotynyň wezipesine bellendi.