Sazlamalar

Diller

TM

«Euronews» teleýaýlymynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
mfa.gov.tm

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Ýewropanyň «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we «Euronews» teleýaýlymynyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we halkara maglumatlar giňişliginde bilelikdäki hyzmatdaşlyk meýilnamalary boýunça özar pikir alyşdylar. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarynda Türkmenistandaky möhüm wakalary halkara giňişlikde beýan etmek üçin ýerine ýetirilen taslamalara kanagatlanma bildirdiler.

«Euronews» teleýaýlymynyň wekilleri geljekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge we taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda bilelikdäki habarlary taýýarlamak, Türkmenistandaky möhüm wakalary halkara giňişlikde giňden beýan etmek meselelerine uly üns berildi. Myhmanlar Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýanynda döredilen Halkara habarlar merkeziniň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy. «Euronews-yň» wekilleri bu merkez bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikirlerini beýan etdiler.

Iň täze habarlar