
Şu gün — 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Koreýanyň Premýer-ministri öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Şol bir wagtyň özünde, ýurtlarymyzyň arasynda döredilen işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigi nygtaldy.