Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

D.Gulmanowa Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen duşuşdy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
D.Gulmanowa Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen duşuşdy

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen dar düzümde duşuşygy geçirildi. D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikleriň ösüşindäki oňyn netijeleri bellediler.

Soňra Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda parlamentara gepleşikleriň aýratyn orny bellenildi. Bu nukdaýnazardan söwda we ykdysadyýet pydagy, nebit-gaz, nebithimiýa we ulag, medeni we ynsanperwer ulgamlary, şol sanda, saglgygy goraýyş, ylym-bilim, esasan hem, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

D.Gulmanowa Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen duşuşdy

Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Iň täze habarlar

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşuşykda ilçi Gismat Fuzuli ogly Gozalow ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
SalamNews

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
SalamNews

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda nemes dilini öwretmek babatynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek barada pikirler beýan edildi
SalamNews