Şu gün
Aşgabat
31.1 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
31.1 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitiniň maksatnamasy taýýarlandy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmegiň maksatnamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Nygtalyşy ýaly, Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň toplumy giriziler.

Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlanar.

Döwlet Baştutany hödürlenen maksatnamany makullap, VI Hazar sammitiniň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ileri tutulýan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjek Aşgabat sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de belent mertebeli myhmanlaryň halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşy alynmagyny tabşyrdy.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.
SalamNews

Serdar Berdimuhamedow wengriýalylary Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaka we ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
SalamNews

Brifing: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemlerine garaldy

19-njy awgustda Daşary işler ministrliginde brifing guraldy. Ol 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň netijelerine bagyşlandy.
SalamNews