Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen hususy düzümleri amerikan kompaniýasynyň gatnaşmagynda Awazada golf toplumyny gurarlar

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

Şu gün — 5-nji dekabrda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi. Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler.

Has dogrusy, söwda, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ulag we logistika, maşyn gurluşygy, inžener tehnologiýalary ýaly ugurlarda dünýäde öňdebaryjy bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň 13-siniň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň onlarçasy hyzmatdaşlyk ugurlarynyň çägini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.

Türkmen-amerikan işewürlik forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň çykyşlary bilen açyldy. Erik Stýuart ABŞ-niň iri kompaniýalarynyň türkmen bazarynda iş alyp barmaga we iri taslamalary ýerine ýetirmäge bolan uly gyzyklanmalaryny beýan etdi. Soňra «Case New Holland», «Niclaus Companies»,«Climate Compass», «UGT Renewables» «Medronic plc», «Oxbow», «John Deere», «Boeing» we beýleki amerikan kompaniýalarynyň wekilleri türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Olaryň belleýşi ýaly, şu günki işewürlik forumynyň maksady Türkmenistandaky ykdysady we işewürlik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmakdan we türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr. Amerikan kompaniýalarynyň işewür wekilleri ýurdumyzyň hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we hususy düzümleriniň, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda özara duşuşyklar bilen dowam etdi. Işewürlik forumyna gatnaşyjylar özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän şeýle çäreleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Işewürlik forumynyň çäginde türkmen we amerikan kompaniýalarynyň arasynda 24 sany özara işewürlik duşuşygy geçirildi. Forumyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we «Niclaus Companies» kompaniýasynyň arasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf sporty boýunça toplumy döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Habarçymyz Aşgabada işewürlik sapary bilen gelen amerikan kompaniýalarynyň wekilleriniň käbiri bilen söhbetdeş boldy.

Jon Riz,

«Niclaus» kompaniýasynyň baş direktory:

— Biziň kompaniýamyzyň wekilleri işewürlik sapary bilen gelen kompaniýalar ýaly iri bolmasa-da, biz şu wagta çenli dünýäniň 47 ýurdunda golf sporty üçin desgalaryň taslamalaryny düzdük we gurduk. Iş alyp baran ýurtlarymyzyň içinde Türkmenistany hem goşanyňda, umuman alanyňda, biziň kompaniýamyz şu wagta çenli 450 töweregi golf toplumyny gurdy. Şu gün biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf toplumyny döretmek boýunça özara ynanyşmak Ähtnamasyna gol çekdik. Golf — tanyşmak üçin we işewürleriň gyzyklanma bildirýän sporty. Hasaplamalara görä, söwda kompaniýalarynyň dolandyryş ýolbaşçylarynyň 3-den 2 bölegi bu sport bilen meşgullanýar. Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize örän şatdyrys.  

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

26-njy ýanwarda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ilçihanada bolan wakany ýazgarýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda bolup geçen ýaragly hüjümi ýazgarýar.
SalamNews

«Mekan» köşgünde Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi

Şu gün — 28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi.
SalamNews