Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Nowak Jokowiçiň 89-njy çempionlygy

SalamNews
Sport / Tennis
Nowak Jokowiçiň 89-njy çempionlygy

Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçirilen «Tel Aviv Watergen Open» tennis ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy.

Ol finalda horwatiýaly Marin Çiliçi 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu Jokowiçiň şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 89-njy ATP çempionlygy boldy. Ol şu möwsümde gatnaşan 3 ýaryşynda-da çempionlyk gazanyp, Rim «Masters» hem-de «Wimbledon» ýaryşlarynda kubogy eýeläpdi.

Jokowiç Andreý Rublew, Kasper Ruud, Rafael Nadal hem-de Karlos Alkaras dagydan soň şu möwsümde azyndan 3 gezek çempionlyk gazanan 5-nji tennisçi boldy.

Iň täze habarlar

2-0-dan soň Dünýä Kubogyny gazanan oýunçylarynyň gollary bilen ýeňşini baýram etdi

Ispaniýanyň çempionatynda Madridiň «Atletikosy» öz meýdançasynda «Kadiz» topary kabul etdi.
SalamNews

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirmek üçin BAE bardy

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardy.
SalamNews

Aziýa oýunlaryndan ýene bir medal: Işanmyrat Ataýew kuraş boýunça ýaryşda üçünji orny eýeledi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary tomusky Aziýa oýunlarynyň medal sanawynda 27-nji orny eýeleýär.
SalamNews