Paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaşy ýigrimä çenli bolan ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionaty garaşylan netijeler bilen jemlendi. Mümkin bolan 9 utugy hem elden bermedik paýtagtly küştçi Azat Nurmämmedow Türkmenistanyň çempiony boldy.
Ikinji ornuň eýesi ýaryşyň ahyrky tapgyrynda kesgitlendi. Bu orna 7,5 utuk jemlän aşgabatly Amanmuhammet Hommadow mynasyp boldy. Lebaply ýigit Wepaly Halynyýazow bilen paýtagtly gyz Ogulsuraý Baýramowa 7 utukdan topladylar. Bu netije olaryň üçünji we dördünji orunlarda ýerleşendiklerini görkezýär. Muňa garamazdan, goşmaça görkezijiler Wepalynyň tarapynda boldy.
Ýaryşda ýokary netijelere eýe bolan türgenlerden biriniň ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazanandygyny hem aýratyn belläp geçmelidiris. Elbetde, ýeňiji Azat Nurmämmedowyň bu ligada çykyş etmäge hukugynyň ozaldan bardygyna ünsi çekmelidiris. Amanmuhammet Hommadow hem şeýle. Olar ozalky saýlama ýaryşlarda şeýle mümkinçilikden peýdalanmaga hukuk gazandylar. Nobatdaky çempionatda bolsa Wepaly Halynyýazow ýokary ligada çykyş etmäge ýollanma gazandy.