Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen kikboksçylary Özbegistanyň açyk çempionatynyň 15 medalyna eýe boldular

SalamNews
Sport
Türkmen kikboksçylary Özbegistanyň açyk çempionatynyň 15 medalyna eýe boldular

13 — 17-nji sentýabr aralygynda Daşkentde kikboksing boýunça Özbegistanyň üçünji açyk çempionaty geçirildi. Türkmen türgenleri bu ýaryşyň 15 medalyna eýe boldular. Şolaryň 6-sy altyn, 2-si kümüş hem-de 7-si bürünç medallardyr. Bu üstünlik hakynda bize Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan habar berildi.

Altyn medallara eýe bolanlar

  • Jasurbek Ahmedow (32 kg çenli) – iki altyn medal — point Fighting we kick light görnüşlerinden;

  • Nepes Bäşimow (48 kg çenli) — low kick görnüşinden;

  • Şahruh Şeraliýew (51 kg çenli) — low kick görnüşinden;

  • Salamathan Baltaýew (74 kg çenli) — kick light görnüşinden;

  • Serdar Berdimyradow (86 kg çenli) — low kick görnüşinden.

Kümüş medallara eýe bolanlar

  • Muhammetali Awezow (69 kg çenli) — kick light görnüşinden;

  • Atajan Rozyýew (71 kg çenli) — low kick görnüşinden.

Bürünç medallara eýe bolanlar

  • Rahym Şöhradow (28 kg çenli) — kick light görnüşinden;

  • Hangeldi Atabaýew (42 kg çenli) — kick light görnüşinden;

  • Sähetmyrat Rejepow (57 kg çenli) — low kick görnüşinden;

  • Yhlas Baýýew (67 kg çenli) — full contact görnüşinden;

  • Ilhambek Baltaýew (67 kg çenli) — full contact görnüşinden;

  • Muhammetali Awezow (69 kg çenli) — light contact görnüşinden;

  • Salamathan Baltaýew (74 kg çenli) — light contact görnüşinden.

Iň täze habarlar

2-0-dan soň Dünýä Kubogyny gazanan oýunçylarynyň gollary bilen ýeňşini baýram etdi

Ispaniýanyň çempionatynda Madridiň «Atletikosy» öz meýdançasynda «Kadiz» topary kabul etdi.
SalamNews

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirmek üçin BAE bardy

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardy.
SalamNews

Aziýa oýunlaryndan ýene bir medal: Işanmyrat Ataýew kuraş boýunça ýaryşda üçünji orny eýeledi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary tomusky Aziýa oýunlarynyň medal sanawynda 27-nji orny eýeleýär.
SalamNews