Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanly gimnastikaçylar abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin Gruziýanyň Tbilisi şäherine bardylar

SalamNews
Sport
Türkmenistanly gimnastikaçylar abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin Gruziýanyň Tbilisi şäherine bardylar

Geçen agşam Türkmenistanyň çeperçilik gimnastikasy boýunça ýetginjekler ýygyndysy abraýly halkara ýaryşa gatnaşmak üçin Gruziýanyň Tbilisi şäherine tarap ýola düşdi. Sanlyja minut mundan öň bolsa türkmen toparynyň ýaryşyň geçjek şäherine baryp ýetendigi habar berildi.

25-nji martda başlanjak ýaryşa gatnaşjak türkmen ýygyndysyna ýetginjek gyzlaryň ýedisi agzalyk edýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebinden Weronika Kurdupowa, Sara Gulberdiýewa, Fatima Kambarowa, Mahym Gurbanowa hem-de Aýgül Geldiýewa ýaly zehinli ýaşlardan başga-da, Balkan welaýatyndan bolan Mähri Pomanowa, Aýsen Abdyllaýewa bu ýygyndyny bezeýär.

Ýetginjekler ýygyndymyza 13-nji sport mekdebiniň çeperçilik gimnastikasy boýunça tälimçi-mugallymlary Fiza Aýwazowa bilen Dünýägözel Ataniýazowa tälimçilik edýär.

Iň täze habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan sowal-jogap bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2023-nji ýylyň 22-nji apreli — 25-nji maýy aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiren test görnüşindäki sowal-jogap bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogy geçirildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ajaýyp ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
SalamNews

Messiniň «PSŽ-den» gitjekdigi habar berildi

«PSŽ» toparynyň tälimçisi Kristof Galtie super ýyldyz Lionel Messiniň möwsüm tamamlanansoň klubdan gitjekdigini aýtdy.
SalamNews