
17-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hormatly Prezidentimize ýetirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Bu barada hasabat beren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen kabul edip we mejlise gatnaşyjylara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
«Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris» — diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.