Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

3x3 basketbol: Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary Aziýa çempionatynda çykyş eder

SalamNews
Sport
3x3 basketbol: Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary Aziýa çempionatynda çykyş eder

Ýakyn günlerde ýurdumyzyň basketbol 3x3 boýunça ýygyndy toparlary häzire çenli toplan uly tejribesini halkara arenasynda synar. Erkekler hem-de zenanlar ýygyndy toparlarymyz 22-nji iýundan 4-nji iýula çenli Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler. 6 — 10-njy iýul aralygynda bolsa türkmen ýygyndylary FIBA tarapyndan Singapurda geçiriljek 3x3 basketbol boýunça Aziýanyň Kubogyna gatnaşarlar.

Halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynda hem-de yklymyň Kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etjek zenanlar ýygyndymyza Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik  ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň 1-nji  derejeli oýunçylary Aýna Gokowa, Nigýara Nagiýewa (ikisi hem halkara derejeli sport ussatlary), «Lebaptaslama» Döwlet taslama institutynyň Inžener ulgamlar toparynyň tehnigi Leýla Halilowa,  Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Zybagözel Hydyrowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dilfuza Azizowa hem-de Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň türgeni Ýulduz Joraýewa dagy wekilçilik eder.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyplary Ýewgeniý Nazipow hem-de Ysmaýyl Arazmämmedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  institutynda bilim alýan Annaguly Hojagulyýew bilen Alihan Bekçanow, sport ussatlygyna dalaşgär Merdan Hojamedow we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasynyň kömekçi işçisi Kerim Mämmetmyradow bolsa erkekler ýygyndymyzy düzýär.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Toýly Baýryýew bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň basketbol boýunça tälimçisi Aleksandr Paşkow bolsa milli ýygyndylarymyzyň tälimçileri hökmünde ýoldaşlyk duşuşyklaryna hem-de ýaryşa gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetinde Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň agzalary Bahar Mahtumowa hem-de Ýelena Gasanowa bolar. Käbir ätiýaçdaky basketbolçylar bu sanawyň üstüni ýetirer.  

Iň täze habarlar

Şu gün türkmen klublary AFK Kubogy — 2022-niň toparçalaýyn bäsleşigindäki ikinji duşuşyklaryny geçirerler

AFK Kubogy — 2022-niň toparçalaýyn bäsleşigi dowam edýär. «E» toparçada çykyş edýän «Altyn Asyr» şu gün ikinji oýnuny geçirip, Täjigistanyň Duşenbe şäherinde boljak duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar. Bu oýunda «Altyn Asyr» Gyrgyz Respublikasynyň «Neftçi» toparynyň garşysyna çykar.
SalamNews

21 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazandy

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de 105-nji möwsümiň çempiony belli boldy. Stenli Kubogy ugrundaky final duşuşyklarynyň 6-njysynda «Kolorado Ewalanş» myhmançylykda soňky çempion «Tampa Beý Laýtningi» 2:1 hasabynda ýeňip, umumy hasapda 4:2 öňe saýlandy we 21 ýyldan soň çempion diýen ady eýeledi.
SalamNews

Zyýamuhammet Saparow Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Şu gün — 26-njy iýunda Aziýa çempionatynda ildeşimiz Zyýamuhammet Saparow kümüş medala mynasyp boldy.
SalamNews