Şu gün
Aşgabat
24 °C
Ertir
Aşgabat
24 °C
Birigün
Aşgabat
24 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
24 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Konýa 2021: Türkmen kikboksçylary medallar çemenini bagladylar

SalamNews
Sport

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda gazanylýan üstünlikler kikboksing boýunça türkmen mekdebiniň häzirki derejesini görkezdi. 17-nji awgustda ildeşlerimiz sportuň bu görnüşinden medallaryň üçüsine eýe boldular.

Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow 81 kg agram derejesinde ringde duşuşan garşydaşlarynyň ählisini — azerbaýjanly, türkiýeli, gazagystanly, ýemenli, özbegistanly, kamerunly hem-de alžirli türgenleri ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, türkmen türgeni V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Atajan Atamyradow bolsa 54 kg agram derejesinde uly üstünlige ýetdi. Ildeşimiz Azerbaýjandan, Özbegistandan, Alžir Halk Demokratik Respublikasyndan, Marokkodan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalaryndan bolan ussat kikboksçylaryň ençemesini jemlän bäsleşigiň kümüş medalyny gazandy.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň boks boýunça tälimçi-mugallymy Hajymyrat Geldimämmedow 86 kg agram derejesinde ringe çykdy. Azerbaýjan, özbek we türk türgenleri bilen bäsleşen Hajymyrat türkmen ýygyndysyna nobatdaky bürünç medaly getirdi. Onuň mynasyp bolan medaly şu gün gowşurylar.

Iň täze habarlar

Aziýanyň Kubogy — 2023: türkmen ýygyndysy (U17) saýlama tapgyryna şowly başlady

Ýurdumyzyň ýaşy 17-ä çenli bolan futbolçylardan düzülen ýygyndy topary häzirki wagtda Iordan Haşimit Patyşalygynyň Amman şäherinde dowam edýän Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyna başlady.
SalamNews

Ýagyşly ýaryşda Peres ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Singapurda geçirilip, ýagyş sebäpli giç başlan bäsleşikde «Red Bulluň» meksikaly sürüjisi Serhio Peres ýeňiji boldy.
SalamNews

Nowak Jokowiçiň 89-njy çempionlygy

Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçirilen «Tel Aviv Watergen Open» tennis ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy.
SalamNews