Şu gün
Aşgabat
22 °C
Ertir
Aşgabat
22 °C
Birigün
Aşgabat
22 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
22 °C

Sazlamalar

Diller

TM

FISU: Şu gün Dünýä kubogy başlanýar

SalamNews
Sport
FISU: Şu gün Dünýä kubogy başlanýar

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde sportuň başa-baş söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogy başlanýar.

Iri sport baýramçylygyna gatnaşýan uşu boýunça türkmen ýygyndysyny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan Selim Orazow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan Geldimyrat Ataýew, Muhammet Jumamyradow, Maral Ýoldaşewa, Aýgözel Gurbangeldiýewa, Döwletmyrat Güýjow hem-de olara tälim berýän Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Tirkiş Döwletow dagy düzýär.

Bu ýaryşda grek-rim göreşi boýunça türkmen ýygyndysy hem çykyş eder. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Nepes Gukulowyň ýolbaşçylygyndaky grek-rim göreşinden talyplar toparymyza Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan ussatlar Abduwali Rahimbaýew, Arslanbek Zakirbaýew, Rysgal Kuwwatgeldiýew, Begmyrat Nobatow, Muhammetnazar Jumaýew we Toýly Orazow wekilçilik edýär.

Erkin göreşden tutluşyklara çykjak türkmen toparynyň agzalaryna bolsa Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Batyr Orazgylyjow tälimçilik edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Mekan Muhammedow, Muhammetmyrat Orazow, Şatlyk Hemelýäýew, Hanmyrat Orazmyradow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alýan Astanberdi Orazow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Soltan Sanjar Begenjow ýaly pälwanlar türkmen ýygyndysynyň düzüminde erkin göreş boýunça düşekçä çykar.

Türkmen boksçulary hem milli sportumyzyň abraýyny goramak üçin ringe çykar. Ýygyndy toparymyza Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Döwlet Muhanow, Yhlas Gylyçjanow, Zakir Rejepow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Nurýagdy Nurýagdyýew, Taganmyrat Gurbanow, Gözel Ataýewa we Maýsa Waliýewa agzalyk edýär. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Annamyrat Sähedow hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aliasker Başirow bu topara tälimçilik edýär.

Iň täze habarlar

Aziýanyň Kubogy — 2023: türkmen ýygyndysy (U17) saýlama tapgyryna şowly başlady

Ýurdumyzyň ýaşy 17-ä çenli bolan futbolçylardan düzülen ýygyndy topary häzirki wagtda Iordan Haşimit Patyşalygynyň Amman şäherinde dowam edýän Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyna başlady.
SalamNews

Ýagyşly ýaryşda Peres ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Singapurda geçirilip, ýagyş sebäpli giç başlan bäsleşikde «Red Bulluň» meksikaly sürüjisi Serhio Peres ýeňiji boldy.
SalamNews

Nowak Jokowiçiň 89-njy çempionlygy

Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçirilen «Tel Aviv Watergen Open» tennis ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy.
SalamNews