Sazlamalar

Diller

TM

Blis we rapid ýaryşlary küşt boýunça ýurdumyzyň täze çempionlaryny kesgitledi

SalamNews
Sport

9-10-njy fewralda guralan dartgynly ýaryşlar 14, 16 hem-de 18 ýaşly türgenleriň arasynda küştüň rapid we blis görnüşleri boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijilerini kesgitledi.

Birinjiligiň ilkinji gezek bir wagtda meşhur küşt görnüşleriniň üçüsi — nusgawy küşt, rapid hem-de blis boýunça geçirilýändigini bellemek gerek.

16 we 18 ýaşly oglanlaryň arasynda esasy dalaşgärler bolan mekdep okuwçylary Ilhan Çaryýew (Lebap) hem-de Amanmuhammet Hommadow (Aşgabat) ýaryşlaryň ikisini hem altyn medallar bilen jemlediler.  

Blis we rapid ýaryşlary küşt boýunça ýurdumyzyň täze çempionlaryny kesgitledi

Nusgawy ýaryşda uly nätijä garaşylan Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap) 14 ýaşlylaryň arasynda guralan rapid bäsleşiginde ýeňşi elden bermedi. Blis ýaryşynda bolsa bir hepde mundan öň 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda guralan blis bäsleşiginde hemmelerden güýçli çykan aşgabatly Tahyr Iminow ýeňiji boldy.

14 ýaşly gyzlaryň arasynda öňki ýyllarda ýetginjekleriň ýaş derejeleri boýunça iki gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başaran Aýlar Semenderowa ýeňşe ýetdi. Ol bu ýaryşda ýeňşe esasy dalaşgärleriň biri hasaplanan hem-de blis ýaryşynda ýeňşi hiç kime bermedik Mähri Agamyradowadan (Lebap) ýarym utuk artyk toplady.  

Blis we rapid ýaryşlary küşt boýunça ýurdumyzyň täze çempionlaryny kesgitledi

Ýurdumyzyň küşt dünýäsinde mynasyp ornuny tapan uýalaryň — Şöhradowalaryň dartgynly bäsdeşligi 18 ýaşly gyzlaryň ýaryşynyň has-da gyzykly geçmegini şertlendirdi. Şeýlelikde, Leýla nusgawy hem rapid bäsleşiklerini, Lala bolsa blis ýaryşyny ýeňiş bilen jemlemegiň hötdesinden geldiler.  

16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen rapid ýaryşynda Gülmira Seýilhanowa uly aratapawut bilen ýeňiji bolmagy başardy. Blis ýaryşynda bolsa diýseň dartgynly göreş bellige alyndy. Öňdäki üç küştçi bir wagtda 7 utukdan topladylar. Diňe dördünji goşmaça görkeziji (gara «mallaryň» ýeňşiniň sany) üçünji orna eýe bolan küştçini kesgitledi. Şeýlelikde, Mährijemal Gurbangeldiýewa (Aşgabat) öňdäki üçlügi jemlese, Mähri Aýmakowa (Lebap) bilen Oguljeren Saparowanyň (Ahal) ähli görkezijileri meňzeş çykdy. Bu bolsa altyn medalyň ykbalynyň «Armageddonda» çözülmelidigini aňladýar. Oguljeren kärdeşini gara «mallar» bilen ýeňip, münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.

Rapid boýunça toparlaýyn hasapda 5 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medala eýe bolan Lebap welaýatynyň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Aşgabat şäheri ikinji (1 altyn, 2 kümüş, 4 bürünç medallar), Ahal welaýaty (1 kümüş) üçünji orunlara mynasyp boldular.

Blis boýunça netijeler hem 3 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medallara eýe bolan lebaply küştçileriň toparlaýyn öňe saýlanandygyny ýüze çykardy. Aşgabat (2 altyn, 3 kümüş, 1 bürünç medallar) umumy hasap boýunça ikinji ýere eýe bolsa, Ahal welaýaty (1 altyn, 1 kümüş) üçünji, Mary welaýaty (1 bürünç) bolsa dördünji basgançakda ýerleşdiler.

Ähli ýaryşlaryň — nusgawy, rapid we blis bäsleşikleriniň jemi boýunça hem Lebap welaýaty öňdeligi elden bermedi — 12 altyn, 7 kümüş, 9 bürünç medallar. Aşgabat (4 altyn, 8 kümüş, 5 bürünç medallar) ikinji orny eýelese, Ahal welaýaty (1 altyn 2 kümüş we 1 bürünç medallar) öňdäki üçlügi jemledi. Mary welaýaty (1 altyn, 1 kümüş, 3 bürünç medallar) dördünji boldy.   

Indi küşt estafetasyny Daşoguz şäheri kabul eder. Şu gün — 12-nji fewralda bu ýerde zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasy, 19-njy fewralda bolsa erkekleriň birinji ligasy başlanar.  

Iň täze habarlar

Arsen Wenger: Türkmenistanyň futbol ýurduna öwrülmegini arzuw edýärin

Angliýanyň Premýer-ligasynda uly ýeňişlere ýeten «Arsenalyň» ozalky baş tälimçisi Arsen Wenger Türkmenistanyň futbol janköýerlerine ýüzlenmesini hödürledi.
SalamNews

NBA-da rekord şertnama

Ýokary depginde dowam edýän Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da «Golden Steýt Warriors» topary tälimçisi Stiw Kerr bilen şertnamasynyň möhletini uzaldar.
SalamNews

«Arkadag» futbol kluby Gyrgyzystanyň çempionyny — «Abdyş-Ata» toparyny ýeňdi — 2:1

25-nji fewralda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Ata» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
SalamNews