Sazlamalar

Diller

TM

Ýeňşe uzaýan ýolda ahyrky ädim: «Arkadag» topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony bolup biler

SalamNews
Sport / Futbol

Ertir Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň çäginde geçiriljek «Arkadag» we «Altyn Asyr» futbol toparlarynyň duşuşygy Türkmenistanyň nobatdaky çempionyny kesgitläp biler. Mahlasy, «Arkadag» futbol topary wagtynda öň — ýaryşyň jemlenmegine 4 tapgyr galanda ýurdumyzyň çempionlygyna ýetip biler.

Şu ýyl döredilen «Arkadag» toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyndaky ýoluny diňe ýeňişler bilen bezäp gelýändigini bellemelidiris. Çempionatda häzire çenli geçiren 19 duşuşygynda 57 utuk toplan Arkadag şäheriniň topary üçin şeýle üstünligiň ýolundaky ahyrky menzile gadam basdy. Indi topara çempionlyk üçin nobatdaky duşuşykda «Altyn Asyry» ýeňäýmek galdy.    

Ýeňşe uzaýan ýolda ahyrky ädim: «Arkadag» topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony bolup biler

Ikinji orunda barýan «Altyn Asyr» 44 utuga eýelik edýär.

Begençmuhammet Kulyýewiň tälim berýän topary nobatdaky ýeňşini gazanmak bilen, taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolup biler.

3-nji dekabrda «Arkadag» we «Altyn Asyr» toparlarynyň arasynda geççiriljek duşuşyk Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda ýaýbaňlandyrylar. Oýun 15:00-da başlanar.

Iň täze habarlar

Arsen Wenger: Türkmenistanyň futbol ýurduna öwrülmegini arzuw edýärin

Angliýanyň Premýer-ligasynda uly ýeňişlere ýeten «Arsenalyň» ozalky baş tälimçisi Arsen Wenger Türkmenistanyň futbol janköýerlerine ýüzlenmesini hödürledi.
SalamNews

NBA-da rekord şertnama

Ýokary depginde dowam edýän Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da «Golden Steýt Warriors» topary tälimçisi Stiw Kerr bilen şertnamasynyň möhletini uzaldar.
SalamNews

«Arkadag» futbol kluby Gyrgyzystanyň çempionyny — «Abdyş-Ata» toparyny ýeňdi — 2:1

25-nji fewralda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Ata» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
SalamNews