Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri geçirilýär

SalamNews
Sport / Futbol
Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri geçirilýär

Şu günler 2007-nji ýylda doglan ýaşlaryň hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşlaryň her biri toparçalaryň ikisindäki duşuşyklar bilen başlandy. Ýaşlaryň arasyndaky ýaryşa 9 topar, ýetginjekleriň birinjiligine bolsa 8 topar gatnaşýar.

Häzirki wagtda bu birinjilikleriň birinji tapgyry jemlendi. Şeýlelikde, ýaşlaryň arasyndaky birinjiligiň «A» toparçasynda «Şagadam» «Merwi» 7:4, «Altyn täç» bolsa «Lebap» toparyny 4:1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. «B» toparçasynda bolsa «Mary» «Daşoguzy» 5:1, «Aşgabat» bolsa «Balkany» 2:0 hasaby bilen ýeňdi.

Ýetginjekleriň birinjiliginiň «A» toparçasynda GOÝÇÝSM topary «Balkandan» (4:1), «Mary» bolsa «Ahaldan» (5:0) rüstem çykdy. «B» toparçasynda bolsa «Altyn täç» «Lebapdan» asgyn geldi — 0:2. «FSM-Batly» topary bolsa «Daşoguzy» ýeňmegi başardy — 3:0.

Birinjilikleriň ikinji tapgyry şu gün geçer.

Iň täze habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan sowal-jogap bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2023-nji ýylyň 22-nji apreli — 25-nji maýy aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiren test görnüşindäki sowal-jogap bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogy geçirildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ajaýyp ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
SalamNews

Messiniň «PSŽ-den» gitjekdigi habar berildi

«PSŽ» toparynyň tälimçisi Kristof Galtie super ýyldyz Lionel Messiniň möwsüm tamamlanansoň klubdan gitjekdigini aýtdy.
SalamNews