
Katar 2022 Dünýä Kubogynda 1/8 finalyň duşuşyklarynyň geçirilýän 2-nji gününde-de, edil 1-nji gününde bolşy ýaly, garaşylmadyk netije ýüze çykmady. Ýagny çaklamalar dogry çykyp, duşuşyklaryň faworitleri ýoluny dowam etdirmäge hukuk gazandy.
Žiru — iň netijeli hüjümçi
2-nji günüň 1-nji duşuşygynda çempion Fransiýa meýdança çykdy. Fransiýanyň ýygyndysy Polşa bilen duşuşyp, duşuşygyň dowamynda tutuşlygyna diýen ýaly oýnuň jylawy fransuzlaryň elinde boldy. Diňe 1-nji ýarymyň 30-40-njy minutlarynda polýaklar 2-3 gezek howply pursatlary döretdiler.
1-nji ýarymyň ahyrlarynda Fransiýanyň weteran hüjümçisi Oliwie Žiru hasaby açan oýunçy boldy. 44-nji minutda toparyny öňe geçiren Žiru milli topardaky 52-nji goluny geçirdi we ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň iň köp gol geçiren futbolçysy rekordyny Tierri Anriden almagy başardy.
2-nji ýarymda-da hüjümlerini gaýgyrmadyk Fransiýanyň ýygyndysynda Kilian Mbappe 2 gezek tapawutlandy. Ol ilki 74-nji, soňra 90+1-nji minutlarda tapawutlanyp, hasaby 3-e çykardy. Çempionatdaky 5-nji goluny geçiren Mbappeniň Dünýä Kubogyndaky gollarynyň sany 9-a ýetdi. Ol Peleden soň 24 ýaşyndan öň iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Oýnuň 90+9-njy minudynda bolsa Robert Lewandowski penaltini ilki dürs urup bilmese-de, ol gaýtalanan urgyny takyk ýerine ýetirdi. Şunlukda, 3-1 hasabynda ýeňşini baýram eden Fransiýanyň ýygyndysy 9-njy gezek çärýek finalçy boldy.
Iňlisler kynçylyk çekmedi
Günüň 2-nji duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysy ilkinji gezek duşuşan garşydaşy Senegalyň derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi. 1-nji ýarymda 2 gol geçiren Angliýanyň adyndan 38-nji minutda Bellingamyň pasyndan soň Jordan Henderson, 45+3-nji minutda-da Harri Keýn hem-de 57-nji minutda Bukaýo Saka tapawutlandy. Soňky 2 goluň pasyny Fil Foden berdi. Senegalyň ýygyndysynda-da Bulaýe Dia, Ismaila Sarr ýaly futbolçylar howply pursatlary döretselerem, olara gol geçirmek başartmady.
Şunlukda, Angliýanyň ýygyndysy 10-njy gezek çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Angliýanyň ýygyndysy çärýek finalda, 10-njy dekabrda Fransiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.