
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew (Apba) Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparyndan paýtagtymyzyň ýene bir topary bolan «Ahala» geçdi. Bu hakynda futbolçynyň özi sosial torda mälim edýär. Saýtymyzyň habarçysy şu täzelikden soň, dessine futbolçynyň özi bilen baglandy.
— Altymyrat, «Ahala» geçendigiňiz hakyndaky habar hakykatmy, eger şeýle bolsa, şertnamanyň möhleti nähili?
— Hawa, «Ahala» geçendigim çyn. Şertnama ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda 1 ýyllyk möhlet bilen baglaşyldy. Klub ýolbaşçylary we topardakylar meni gyzgyn garşy aldylar.
— Täze toparda öňüňize has uly maksatlary goýansyňyz?!
— Elbetde. Umuman-a, bilşimiz ýaly, futbol toparlaýyn oýun, meniňem maksadym toparyň üstünligine öz goşandymy goşmak. Öňümizde uly ýaryş, ýagny Aziýanyň çempionlar ligasy ýaryşy bar. Şonda üstünlikli çykyş edip, janköýerlerimizi, ildeşlerimizi begendirmek. Içerki çempionatyň oýunlary we kubok ýaryşlary hem gaty çekeleşikli geçýär. Ol ýaryşlarda hem toparyň janköýerlerini begendirmäge çalşarys.
— Siz «Altyn Asyrdan» gaýtdyňyz, entek transfer döwri dowam edýär, belki klub başga hüjümçini düzümine goşar, gep onda däl, ýöne edil şu wagt, has takygy, Altymyratsyz «Altyn Asyryň» AFK-nyň kubogyndaky ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?
— Men «Altyn Asyryň» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda mümkinçilikleri uly diýip bahalaýan. Hatda ýeňiji bolmaga hem göreşip biljek topar. Bu — futbol, biz 2018-nji ýylda «Altyn Asyr» bilen bu ýaryşyň finalynda çykyş edipdik. «Altyn Asyr» uly topar, men şu ýerde «SalamNews-yň» üsti bilen «Altyn Asyra» öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Topara halkara ýaryşlarda üstünlik arzuw edýärin.
— Apba, biziň okyjylarymyza we janköýerlere aýtjak zatlaryňyz bolsa aýdaýsaňyz we möwsüm başlamazdan ozal, türgenleşiklerden sypynyp bilseňiz, «SalamNews» portalynyň redaksiýasyna myhmançylyga çagyrýarys, eger garşy bolmasaňyz?!
— Saýt okyjylary bilen saýt, futbol janköýerleri bilen futbol. Futbol janköýerleriniň goldawy bilen belli bir derejä ýetýär, şonuň üçin bizi goldaýan her bir janköýere hormatym uly, olaryň hemmesine sagbolsun aýdýaryn. Şol sanda saýtyň üsti bilen biz hakda gyzyklanyp okaýanlara-da hoşallygymy bildirip, olaryň ynamyna mynasyp bolmak üçin göreşjekdigimi aýdasym gelýär.
Myhmançylyk hakdaky teklibe-de sag boluň! Türgenleşikden boş wagtymyza sazlap, nesip bolsa, hökman geleris.
— Altymyrat, sag boluň! Futbol äleminde mundan beýlägem üstünlik arzuw edýäris!
— Sizem sag boluň!