Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Milli toparda 2 gol geçiren Ronaldunyň täze rekordlary

SalamNews
Sport / Futbol
Milli toparda 2 gol geçiren Ronaldunyň täze rekordlary

Futbol boýunça geljek ýyl Germaniýada geçiriljek EURO 2024-iň saýlama tapgyryna badalga berildi. «J» toparçada oýnalan Portugaliýa — Lihtenşteýn duşuşygynda super ýyldyz Kriştianu Ronaldu täze rekordlar goýdy.

Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda Portugaliýanyň ýygyndysy 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Portugallara ýeňiş getiren gollary 8-nji minutda Žoao Kanselo, 47-nji minutda Bernardo Silwa hem-de 51-nji (p) we 63-nji minutlarda Kriştianu Ronaldu geçirdi. Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Ronaldunyň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 120-ä ýetdi. Ol bu ugurda öz rekordyny ösdürdi. Milli ýygyndylaryň iň netijeli hüjümçisi rekordynyň eýesi Ronaldu milli ýygyndylarda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy rekordynyň hem täze eýesi boldy. Ol 197-nji gezek meýdança çykyp, bu ugurda kuweýtli Bader Al-Mutawa bilen paýlaşýan rekordyny häzirlikçe öz adyna geçirdi. Häzirlikçe diýilmeginiň sebäbi-de, şu gün oýnaljak Kuweýt bilen Filippinleriň arasyndaky duşuşykda 38 ýaşly Bader Al-Mutawanyň rekorda täzeden şärik bolmagy mümkin.

Ronaldu milli toparda resmi duşuşyklarda 100-nji goluny geçirip, ol dünýäde bu görkezijä ýeten ilkinji oýunçy boldy. Şeýle-de Lihtenşteýn Ronaldunyň gol geçiren 47-nji ýygyndysy hökmünde hasaba alyndy. Galyberse-de, Kriştianu Ronaldu bassyr 20 kalendar senenamasy boýunça Portugaliýanyň adyndan gol geçirip gelýär. Ol Portugaliýanyň düzüminde ilkinji goluny 2004-nji ýylda geçiripdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy Islandiýany 3-0 hasabynda ýeňdi. Slowakiýa bilen Lýuksemburgyň arasyndaky oýunda-da hasap açylmady.

Iň täze habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan sowal-jogap bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2023-nji ýylyň 22-nji apreli — 25-nji maýy aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiren test görnüşindäki sowal-jogap bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogy geçirildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ajaýyp ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
SalamNews

Messiniň «PSŽ-den» gitjekdigi habar berildi

«PSŽ» toparynyň tälimçisi Kristof Galtie super ýyldyz Lionel Messiniň möwsüm tamamlanansoň klubdan gitjekdigini aýtdy.
SalamNews