Sazlamalar

Diller

TM

AFK-nyň Kubogy: «Merw» bilen «Rawşanyň» oýnunda deňlik bellige alyndy — 1:1

SalamNews
Sport / Futbol
AFK-nyň Kubogy: «Merw» bilen «Rawşanyň» oýnunda deňlik bellige alyndy — 1:1

Şu gün — 30-njy noýabrda ýurdumyzyň «Merw» futbol topary AFK-nyň Kubogynyň toparçadaky böleginiň bäşinji tapgyrynda Täjigistanyň «Rawşanyny» kabul etdi. Duşuşyk paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi.

Ýeňiş üçin futbol meýdanyna çykan toparlaryň duşuşygy dartgynly hüjümlere baý boldy. Muňa garamazdan, hüjümlerde goýberilýän ýalňyşlyklar ýa-da ykjam goragyň böwet bolmagy şolaryň aglabasynyň netijesiz jemlenmegine getirdi. Şeýlelikde, 43-nji minutda täjik klubundan E.Mwanengo hasaby açdy.

«Merw» ikinji ýarymda geçiren hüjümleriniň birinde hasaby deňlemegi başardy. 67-nji minutda Y.Döwletgeldiýewiň goly bellige alyndy — 1:1. Şondan soňky ikitaraplaýyn hüjümleriň hiç biri netije bermedi.

Şeýlelikde, bu toparlaryň ikisi hem utuklarynyň sanyny 3-e ýetirdiler we toparçada üçünji hem-de dördünji orunlary paýlaşýarlar.

Iň täze habarlar

Arsen Wenger: Türkmenistanyň futbol ýurduna öwrülmegini arzuw edýärin

Angliýanyň Premýer-ligasynda uly ýeňişlere ýeten «Arsenalyň» ozalky baş tälimçisi Arsen Wenger Türkmenistanyň futbol janköýerlerine ýüzlenmesini hödürledi.
SalamNews

NBA-da rekord şertnama

Ýokary depginde dowam edýän Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da «Golden Steýt Warriors» topary tälimçisi Stiw Kerr bilen şertnamasynyň möhletini uzaldar.
SalamNews

«Arkadag» futbol kluby Gyrgyzystanyň çempionyny — «Abdyş-Ata» toparyny ýeňdi — 2:1

25-nji fewralda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Ata» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
SalamNews