Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Messiniň 800-nji goly

SalamNews
Sport / Futbol
Messiniň 800-nji goly

Dünýä Kubogyndan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda janköýerleriniň öňünde duşuşyk geçiren Argentinanyň ýygyndysy Panamanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny gurady. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýunda Argentina 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Argentinanyň gollaryny 78-nji minutda Tiago Almada hem-de 89-njy minutda jerime urgusyndan super ýyldyz Lionel Messi derwezä girizdi. Şunlukda, milli ýygyndydaky 100-nji goluny geçiren Lionel Messiniň karýerasyndaky gollarynyň sany 800-e ýetdi. «Barselonada» 672 gol geçiren Messi, «PSŽ-de» 29 gezek tapawutlanypdy. Ol milli toparda-da häzire çenli 99 gol geçirdi.

Argentinanyň ýygyndysynyň nobatdaky duşuşygy 28-nji martda bolup, şol gün tangoçylar öz meýdançasynda Kýurosaonyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny oýnar.

Iň täze habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan sowal-jogap bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2023-nji ýylyň 22-nji apreli — 25-nji maýy aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiren test görnüşindäki sowal-jogap bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogy geçirildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ajaýyp ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
SalamNews

Messiniň «PSŽ-den» gitjekdigi habar berildi

«PSŽ» toparynyň tälimçisi Kristof Galtie super ýyldyz Lionel Messiniň möwsüm tamamlanansoň klubdan gitjekdigini aýtdy.
SalamNews