Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Mançester Sitiniň» holdingi «City Football Group» 12-nji klubuny satyn aldy

SalamNews
Sport / Futbol

«Premier Liganyň» çempiony «Mançester Sitiniň» eýesi «City Football Group» arap holdingi düzümine 12-nji futbol klubuny goşdy. Holdingiň brazil kluby «Baiýany» satyn alandygy habar berildi. Bu baradaky resmi maglumatyň resminamalar doly taýýar bolandan soň mälim ediljekdigi habarda bellenýär. «Baiýa» topary Braziliýanyň 2-nji ligasynda çykyş edip, ol 2-nji orunda barýar.

Şeýlelikde, «City Football Group» holdinginiň tutuş dünýädäki eýeçilik edýän futbol klublarynyň sany 12-ä ýetdi. «Holding «Baiýadan» ozal iýul aýynda italýan topary «Palermony» satyn alypdy. Holding häzirki wagtda Angliýada «Mançester Sitiniň» (100%), Ispaniýada «Žironanyň» (47%), Italiýada «Palermonyň» (80%), Belgiýada «Lommeliň (99%), Fransiýada «Truanyň» (100%), ABŞ-da «Nýu Ýork Sitiniň» (80%), Awstraliýada «Melburn Sitiniň» (100%), Urugwaýda «Montewideo Sitiniň» (100%), Ýaponiýada «Ýokohama F. Marinosyň» (20%), Hindistanda «Mumbaý Sitiniň» (65%) hem-de Hytaýda «Syçuan Szýunýunyň» (29,7%) klublarynyň degişli mukdardaky paýnamalarynyň eýesidir. Holding häzirlikçe Boliwiýanyň «Boliwar» toparynyň hem hyzmatdaşydyr.

«City Football Group» holdingini 2013-nji ýylda BAE-li syýasatçy hem-de işewür Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen Haldun Al Mubarek esaslandyrýar.

Iň täze habarlar

2-0-dan soň Dünýä Kubogyny gazanan oýunçylarynyň gollary bilen ýeňşini baýram etdi

Ispaniýanyň çempionatynda Madridiň «Atletikosy» öz meýdançasynda «Kadiz» topary kabul etdi.
SalamNews

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirmek üçin BAE bardy

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine bardy.
SalamNews

Aziýa oýunlaryndan ýene bir medal: Işanmyrat Ataýew kuraş boýunça ýaryşda üçünji orny eýeledi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary tomusky Aziýa oýunlarynyň medal sanawynda 27-nji orny eýeleýär.
SalamNews