
Italiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýyldyzlaryndan, dünýä çempiony, meşhur goragçy Fabio Kannawaro tälimçilige dolandy. Ol «Serie B-de» çykyş edýän «Benewento» kluby bilen 2 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy.
«Altyn top» baýragynyň hem eýesi bolan Kannawaro soňky gezek Hytaýyň «Guangžou Ewergrand» toparyna tälim beripdi. Tälimçilik karýerasynda «Guangžou Ewergrand», «Al Nassr», «Tianshin Týanhaý» toparlaryna hem-de 2 oýunlyk Hytaýyň milli ýygyndysyna tälim beripdi.
«Benewento» topary 6 oýundan soň 7 utuk bilen «Serie B-de» 13-nji orny eýeleýär. «Benewento» 49 ýaşyndaky Kannawaronyň Ýewropada tälim berjek ilkinji kluby bolar.