Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Italiýany ýeňen Angliýanyň ýyldyzy Keýn Runiniň rekordyny täzeledi

SalamNews
Sport / Futbol
Italiýany ýeňen Angliýanyň ýyldyzy Keýn Runiniň rekordyny täzeledi

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde esasy düzüminde «C» toparçada Italiýa bilen Angliýa duşuşdy. Neapol şäherinde geçirilen duşuşykda Angliýanyň ýygyndysy EURO 2020-niň finalynda utulan garşydaşyny bu gezek myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Iňlislere ýeňiş getiren gollary 13-nji minutda Deklan Raýs bilen 44-nji minutda penaltiden Harri Keýn geçirdi. Italiýanyň ýeke-täk goluny-da 56-njy minutda ilkinji gezek milli ýygynda çagyrylan hüjümçi Mateo Retegui öz adyna ýazdyrdy.

Şunlukda, Italiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda 41 oýundan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Italýanlar soňky gezek 2006-njy ýylyň sentýabrynda Fransiýadan asgyn gelipdiler. Italiýanyň ýygyndysy 29 ýyldan soň ilkinji gezek esasy düzüminde ýeke «ýuwentusly» futbolçy hem bolman meýdança çykdy.

Şeýle-de Angliýanyň ýygyndysynyň 2-nji goluny geçiren Harri Keýn milli toparyň iň netijeli futbolçysy bolmagy başardy. Milli ýygyndydaky 54-nji goluny geçiren Keýn bu ugurda Weýn Runiniň rekordyny täzeledi. Bu ýeňiş Garet Sautgeýtiň milli ýygyndydaky 50-nji ýeňşi bolup, ol Wolter Winterbottom hem-de Ser Alf Remziden soň Angliýanyň ýygyndysynda bu görkezijä ýeten 3-nji tälimçi hökmünde bellige alyndy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda-da Demirgazyk Makedoniýa öz meýdançasynda Maltany 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýekşenbe güni Angliýa Ukrainany kabul etse, Italiýada myhmançylykda Malta bilen duşuşar.  

Iň täze habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan sowal-jogap bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2023-nji ýylyň 22-nji apreli — 25-nji maýy aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiren test görnüşindäki sowal-jogap bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogy geçirildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ajaýyp ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
SalamNews

Messiniň «PSŽ-den» gitjekdigi habar berildi

«PSŽ» toparynyň tälimçisi Kristof Galtie super ýyldyz Lionel Messiniň möwsüm tamamlanansoň klubdan gitjekdigini aýtdy.
SalamNews