
AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Al-Feýhanyň» garşysyna Aşgabatda geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda — 18-nji sentýabrda ýurdumyzyň «Ahal» klubynyň metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty «Aşgabat» köpugurly stadionynda guraldy.
«Garşydaş ýeterlik derejede berk. Biz olaryň oýnuny öwrendik. Oýny goragdan başlarys. Ýurdumyzy nobatdaky halkara derejesindäki ýaryşda mynasyp görkezmek üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys» — diýip, «Ahalyň» tälimçisi Welsähet Öwezow belledi.
«Ahalyň» kapitany Elman Tagaýew bolsa toparyň nobatdaky duşuşyga 100 % taýýardygyny paýlaşdy. Ol toparyň janköýerlerden diýseň uly goldawa garaşýandygyna hem ünsi çekdi. Munuň özi «Ahala» diňe öňe gitmek üçin iň möhüm şert bolar.
«Ahal» — «Al-Feýha» jübütiniň duşuşygynyň 19-njy sentýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Duşuşyk 21:00-da başlanýar.