Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklary: «Mançester Siti» — «Bawariýa», «Real Madrid» — «Çelsi»

SalamNews
Sport / Futbol
Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklary: «Mançester Siti» — «Bawariýa», «Real Madrid» — «Çelsi»

UEFA Çempionlar Ligasynda Stambuldaky finala barýan ýolda klublar soňky aýlawda ýaryşy dowam etdirýärler. Sähelçe wagt öň ýaryşyň çärýekdir ýarym finalynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, çärýek finalda-da, ýarym finalda-da futbol janköýerlerine azy ýaran duşuşyklar garaşýar.

Soňky çempion «Real Madrid», edil geçen möwsümdäki ýaly, ýene bir ýola çärýek finalda «Çelsi» bilen bije çekişdi. «Interiň» bijesine başga bir portugal kluby «Benfika» düşdi. Tapgyryň, belki-de, iň köp ünsi çekýän bijesi «Mançester Siti» bilen «Bawariýanyň» arasyndaky çärýek final duşuşygy bolar. Pep Guardiolanyň häzirki hem-de öňki klublarynyň arasyndaky 2 duşuşyk köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan duşuşyklaryna öwrüler. «Serie A-da» çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp baran iki italýan topary «Milan» bilen «Napoli» toparlary-da çärýek finalyň beýleki duşuşygy bolar.

Şeýle-de ýarym finalda «Milan» — «Napoli» duşuşygynda ýeňiş gazan topar bilen «Inter» — «Benfika» duşuşygynyň ýeňijisi duşuşar. Beýleki ýarym finalda bolsa «Real Madrid» — «Çelsi» duşuşygynyň ýeňijisi bilen «Mançester Siti» ýa-da «Bawariýa» özara güýç synanyşar.

Çärýek finalyň duşuşyklary — 1-nji oýunlar 11-12-nji aprelde, jogap oýunlary-da 18-19-njy aprelde oýnalar. Ýarym finalyň oýunlary bolsa 9-10-njy hem-de 16-17-nji maýda geçiriler. Möwsümiň çempiony 10-njy iýunda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnaljak finalda belli bolar.

Çärýek finalyň bijeleri:

  • «Real Madrid» — «Çelsi»;

  • «Inter» — «Benfika»;

  • «Mançester Siti» — «Bawariýa»;

  • «Milan» — «Napoli».

Ýarym finalyň bijeleri:

  • «Milan»/«Napoli» — «Inter»/«Benfika»;

  • «Real Madrid»/«Çelsi» — «Mançester Siti»/«Bawariýa».

Iň täze habarlar

«Bawariýa» Nagelsmanny wezipesinden boşatdy

Germaniýanyň çempionaty «Bundesliganyň» soňky çempiony «Bawariýada» garaşylmadyk waka boldy.
SalamNews

Messiniň 800-nji goly

Dünýä Kubogyndan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda janköýerleriniň öňünde duşuşyk geçiren Argentinanyň ýygyndysy Panamanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny gurady.
SalamNews

Italiýany ýeňen Angliýanyň ýyldyzy Keýn Runiniň rekordyny täzeledi

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde esasy düzüminde «C» toparçada Italiýa bilen Angliýa duşuşdy.
SalamNews