Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Bawariýa» Nagelsmanny wezipesinden boşatdy

SalamNews
Sport / Futbol

Germaniýanyň çempionaty «Bundesliganyň» soňky çempiony «Bawariýada» garaşylmadyk waka boldy. Geçen tapgyrda çempionatda liderligi «Borussiýa Dortmunda» aldyran münhenliler toparyň tälimçisi Ýulian Nagelsmanny wezipesinden boşatdy.

Klubuň Münhende indiki oýunlara taýýarlyk görüp, türgenleşik geçýändigine garamazdan, 35 ýaşyndaky tälimçiniň Awstriýada lyža edip ýörendigi we bu ýagdaýyň bolsa klubuň ýörelgesine gelişmeýändigi habarda bellenýär. Tälimçiniň çempionatda şowsuz çykyşy bilen bir hatarda, bu hereketi hem onuň wezipesinden boşadylmagyna sebäp bolan hadysalaryň biri hökmünde görkezilýär.

Netijede, «Bawariýanyň» ýaş hünärmeni wezipesinden boşadandygy mälim edildi. Nagelsmannyň tälimçiliginde klub geçen möwsümde «Bundesligada» çempionlyk gazandy. Bu möwsümde bolsa UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finala çykdy. 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda «Bawariýanyň» tälimçisi bolan Nagelsmannyň tälimçiliginde münhenliler 84 oýunda 60 gezek ýeňiş gazanyp, 10 oýunda-da utuldy.

Nagelsmannyň deregine Tomas Tuheliň wezipä bellenmegine garaşylýar. Tuhel bellenen ýagdaýynda, ol häzirki milli ýygyndylar sebäpli arakesmeden soň ozalky kluby «Borussiýa Dortmunda» garşy ilkinji synagyny geçirer.

Iň täze habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan sowal-jogap bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2023-nji ýylyň 22-nji apreli — 25-nji maýy aralygynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiren test görnüşindäki sowal-jogap bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogy geçirildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ajaýyp ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
SalamNews

Messiniň «PSŽ-den» gitjekdigi habar berildi

«PSŽ» toparynyň tälimçisi Kristof Galtie super ýyldyz Lionel Messiniň möwsüm tamamlanansoň klubdan gitjekdigini aýtdy.
SalamNews