Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aziýanyň Kubogy — 2023: türkmen ýygyndysy (U17) saýlama tapgyryna şowly başlady

SalamNews
Sport / Futbol
Aziýanyň Kubogy — 2023: türkmen ýygyndysy (U17) saýlama tapgyryna şowly başlady

Ýurdumyzyň ýaşy 17-ä çenli bolan futbolçylardan düzülen ýygyndy topary häzirki wagtda Iordan Haşimit Patyşalygynyň Amman şäherinde dowam edýän Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyryndaky çykyşyna başlady.

«A» toparçada çykyş edýän türkmen ýaşlary ilkinji duşuşygyny Filippinler bilen geçirdiler. Bu duşuşykda türkmen futbolçylary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Indi bolsa bize türkmenistanly ýaşlaryň Siriýanyň 17 ýaşa çenli bolan futbolçylary bilen guralýan duşuşygynyň netijelerine garaşaýmak galýar.

Türkmen ýygyndysy 5-nji oktýabrda Ýaponiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U17) garşysyna çykar. Oýun Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlanar. Ildeşlerimiziň ahyrky oýny ýer eýeleriniň — Iordaniýanyň 17 ýaşly futbolçylarynyň ýygyndysy bilen bolup, duşuşygyň 7-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Iň täze habarlar

«Al Hilal» «Al Nassrdan» üstün çykdy, Ronaldunyň goly hasaba alynmady

Saud Arabystanynyň çempionatynda 15-nji tapgyrda 2 öňdebaryjy klub duşuşdy.
SalamNews

Ýeňşe uzaýan ýolda ahyrky ädim: «Arkadag» topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony bolup biler

Ertir Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň çäginde geçiriljek «Arkadag» we «Altyn Asyr» futbol toparlarynyň duşuşygy Türkmenistanyň nobatdaky çempionyny kesgitläp biler.
SalamNews

Şu gün agşam EURO 2024-iň bijeleri çekilýär

Şu gün agşam geljek ýyl Germaniýada geçiriljek futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň bije çekiliş dabarasy geçiriler.
SalamNews