Sazlamalar

Diller

TM

Arsenalyň taryhy ýeňşi, Holannyň täze rekordy

SalamNews
Sport / Futbol

Angliýanyň çempionatynda 24-nji tapgyr şu gijeki London derbisi – «Kristal Palas» – «Çelsi» duşuşygy bilen tamamlanar. 24-nji tapgyryň çägindäki başga bir London derbisinde taryhy netije hasaba alyndy. Bu tapgyr öňdebaryjylaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

1-nji aýlawda öz meýdançasynda «West Hamdan» 2-0 hasabynda utulan «Arsenal» myhmançylykda köne bäsdeşiniň derwezesinden jogapsyz 6 gol geçirip, garşydaşyny derbi-dagyn etdi. 1-nji ýarymda 4 gol geçiren «Arsenalyň» gollaryny Saliba, Saka (2), Gabriel, Trossar hem-de 2 asist eden «West Hamyň» öňki futbolçysy Deklan Raýs geçirdi. «Arsenal» «Premier Liganyň» taryhyndaky iň uly tapawutly ýeňşini gazandy. Bu «West Ham» üçin öz meýdançasyndaky iň uly hasaply ýeňiş boldy.

Sanawyň lideri «Liwerpul» öz meýdançasynda Žota, Diaz hem-de Nunýesiň gollary bilen «Býornlini» 3-1 hasabynda ýeňdi.

Çempion «Mançester Siti» öz meýdançasynda «Ewertony» Erling Holannyň 71-nji we 85-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Hollan «Premier Ligadaky» 50-nji duşuşygynda 51 gol geçirip, «Premier Ligada» muny başaran ilkinji futbolçy boldy.

«Tottenham» topary-da garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, «Braýtony» Jonsonyň 90+6-njy minutdaky goly esasynda 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda 4-nji orun ugrunda göreşýän 2 klubuň oýny guralyp, «Mançester Ýunaýted» myhmançylykda «Aston Willany» Heýlunnyň hem-de Maktomineýiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

 «Mançester Siti» – «Ewerton»: 2-0

«Wulwerhempton» – «Brentford»: 0-2

«Liwerpul» – «Býornli»: 3-1

«Luton Tawn» – «Şeffild Ýunaýted»: 1-3

«Tottenham» – «Braýton»: 2-1

«Fulham» – «Bornmut»: 3-1

«Nottingam Forest» – «Nýukasl»: 2-3

«West Ham» – «Arsenal»: 0-6

«Aston Willa» – «Mançester Ýunaýted»: 1-2

«Kristal Palas» – «Çelsi» (01:00)

Iň täze habarlar

Arsen Wenger: Türkmenistanyň futbol ýurduna öwrülmegini arzuw edýärin

Angliýanyň Premýer-ligasynda uly ýeňişlere ýeten «Arsenalyň» ozalky baş tälimçisi Arsen Wenger Türkmenistanyň futbol janköýerlerine ýüzlenmesini hödürledi.
SalamNews

NBA-da rekord şertnama

Ýokary depginde dowam edýän Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da «Golden Steýt Warriors» topary tälimçisi Stiw Kerr bilen şertnamasynyň möhletini uzaldar.
SalamNews

«Arkadag» futbol kluby Gyrgyzystanyň çempionyny — «Abdyş-Ata» toparyny ýeňdi — 2:1

25-nji fewralda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Ata» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
SalamNews