Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen taekwondoçylary (ITF) Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala eýe boldular

SalamNews
Sport / Başa-baş söweş

16 — 19-njy mart aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçýän taekwondo ITF boýunça Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynyň ilkinji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň diýseň netijeli çykyşlaryna beslendi.

Biziň taekwondoçylarymyz 8 medala eýe boldular. Şolaryň dördüsi altyn, biri kümüş, üçüsi bolsa bürünç medallardyr.

Ýekelikdäki tul görnüşinden Ýalkap Köşüliýew (ýetginjekleriň arasynda altyn medal), Mähri Agaýewa (zenanlaryň arasynda altyn medal), Annamyrat Goşanyýazow (erkekleriň ýaryşynda altyn medal), Orazmyrat Çaryýew (erkekleriň ýaryşynda kümüş medal), Daýançmyrat Gaýypow (ýetginjekleriň arasynda bürünç medal), Goşanyýaz Durdyýew (erkekleriň ýaryşynda bürünç medal) we Sapar Myradow (erkekleriň ýaryşynda bürünç medal) dagy nobatdaky üstünlikleri bilen begendirdiler. Sekizinji netije bolsa toparlaýyn tul boýunça türkmen ýygyndysynyň gazanan altyn medaly boldy.

Bu ýaryşa gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň bary-ýogy 13 türgenden ybaratdygyna aýratyn ünsi çekmelidiris. Özbegistanyň ýygyndysyna 250, Gazagystana 140, Gyrgyz Respublikasyna 75, Täjigistanyň toparyna bolsa 54 türgen wekilçilik edýär.

Iň täze habarlar

«Bawariýa» Nagelsmanny wezipesinden boşatdy

Germaniýanyň çempionaty «Bundesliganyň» soňky çempiony «Bawariýada» garaşylmadyk waka boldy.
SalamNews

Messiniň 800-nji goly

Dünýä Kubogyndan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda janköýerleriniň öňünde duşuşyk geçiren Argentinanyň ýygyndysy Panamanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny gurady.
SalamNews

Italiýany ýeňen Angliýanyň ýyldyzy Keýn Runiniň rekordyny täzeledi

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde esasy düzüminde «C» toparçada Italiýa bilen Angliýa duşuşdy.
SalamNews