Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Kubogy iň güýçli dzýudoçylary saýlady

SalamNews
Sport / Başa-baş söweş

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Olimp» orta sport mekdebinde dzýudo boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi.

Ýaryşyň guramaçylygynda Halkara Dzýudo federasiýasynyň talaplary doly ýerine ýetirildi. Gyzykly ýaryş ýurdumyzyň dürli künjeginden bolan dzýudoçylaryň ýüzlerçesini bir ýere jemledi.

Ýaş hem-de agram derejeleriniň birnäçesinden guralan duşuşyklar iň güýçli dzýudoçylary ýüze çykardy. Diňe ussatlaryň däl, eýsem ýaşlaryň we ýetginjekleriň bäsleşikleriniň guralmagy bu ýerde hakyky sport baýramçylygyny emele getirdi.

Toparlaýyn hasap boýunça dürli medallaryň 27-sini eýelemegi başaran ýygyndy toparyň agzalary öňe saýlandylar. Ýygyndy toparyň ätiýaçdaky düzüminiň türgenleri 16 medal bilen ikinji boldular. Üçünji orna bolsa 6 medal gazanan Lebap welaýatynyň 4-nji sport mekdebiniň türgenleri eýe çykdylar.

Şu gün dünýä reýtinginden ornuny tapan türkmen dzýudoçylarynyň Portugaliýanyň Gran-prisindäki çykyşlaryna başlaýandyklaryny ýatladýarys.

Iň täze habarlar

«Bawariýa» Nagelsmanny wezipesinden boşatdy

Germaniýanyň çempionaty «Bundesliganyň» soňky çempiony «Bawariýada» garaşylmadyk waka boldy.
SalamNews

Messiniň 800-nji goly

Dünýä Kubogyndan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda janköýerleriniň öňünde duşuşyk geçiren Argentinanyň ýygyndysy Panamanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny gurady.
SalamNews

Italiýany ýeňen Angliýanyň ýyldyzy Keýn Runiniň rekordyny täzeledi

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde esasy düzüminde «C» toparçada Italiýa bilen Angliýa duşuşdy.
SalamNews