
Halkara Boks assosiasiýasy ýylyň başynda sportuň bu görnüşi boýunça döwletleriň reýtingini mälim etdi. Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndy toparynyň agzalarynyň netijesi ýurdumyzyň 135 döwleti özünde jemleýän reýtingiň 71-nji basgançagynda ýerleşmegini şertlendirdi. Türkmenistan bu reýtingde 3000.00 bala eýelik edýär.
Ýeri gelende bellesek, sanaw agramlaryň on ýedisi boýunça türgenleriň görkezijilerini bellige almak bilen taýýarlanýar. Halkara Boks assosiasiýasynyň resmi web-saýtynda görkezilişi ýaly, türkmen toparynyň netijesine Saparmyrat Ödäýew, Şükür Öwezow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Döwlet Muhanow, Hursant Imankulyýew, Muhammetmyrat Sähedow, Nurýagdy Nurýagdyýew, Taganmyrat Gurbanow hem-de Yhlas Gylyçjanow ýaly ussatlar şärik boldular.
Sanawyň başynda Gazagystan ýerleşdi. Ikinji orny Özbegistan, reýtingiň üçünji basgançagyny bolsa Hindistan özünde saklaýar.
Öňde ýurdumyzyň boksçularyna reýtinglerini gowulandyrmaga mümkinçilik berjek möhüm ýaryşlar garaşýar.