Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen samboçylary hem-de taýboksçylary söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogynda çykyş ederler

SalamNews
Sport / Başa-baş söweş
Türkmen samboçylary hem-de taýboksçylary söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogynda çykyş ederler

Ertir Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde badalga aljak söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogyna samboçy we taýboksçy ýaşlarymyz hem gatnaşar.

Sambo boýunça ýygyndy toparymyzyň düzüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Muhammetmyrat Babekow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden Niýazmyrat Babekow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan Sapar Döwletow, Bahtiýar Bahramow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan Bezirgen Begenjow.

Mundan başga-da, Saýara Awezmetowa, Täzegül Huddyýewa, Altyn Isagulyýewa we Feride Mamedowa ýaly zehinli talyplaryň çykyş etmegine garaşylýar. Talyp gyzlaryň dördüsi hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýarlar.

Taýboks boýunça çykyş etjek ýygyndy toparymyza bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Mergen Jollyýewiň, Röwşen Hanyýewiň, Bäşim Bäşimowyň, Söhbet Durdyýewiň, Kemal Annamuhammedowyň, Arab Ýegenowyň, Merdan Pirmedowyň, Gözel Rahmedowanyň, Kemal Döwletowyň hem-de Wepa Orazowyň wekilçilik etmegine garaşylýar.

Iň täze habarlar