Türkmenistanyň ýygyndy toparlary grek-rim, erkin göreşler boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşýar

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär. Göreşiň şu görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy topary 15 — 22-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynda bolup, 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlara gatnaşýar.
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Maksat Seýtiýew, Şatlyk Ýunusow, Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kakabaý Kakabaýew dagy tälimçi Aýmyrat Awliýagulyýewiň ýolbaşçylygynda şol ýaryşda çykyş edýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynyň wekiliniň 10 — 28-nji iýun aralygynda Aziýa çempionatyna we Bütindünýä Göreş Birleşmesiniň Aziýa Mejlisine, türkmenistanly halkara derejeli eminiň bolsa iri derejeli ýaryşa emin hökmünde gatnaşjakdygy bellärliklidir.
23 ýaşa çenli ýaşlardan ybarat bolan ýygyndy toparymyzyň çykyşlary bolsa 19 — 26-njy iýun bilen senelener. Arslanbek Zakirbaýew, Rysgal Kuwwatgeldiýew, Azatjan Açilow, Begmyrat Nobatow, Muhammetnazar Jumaýew, Toýly Orazow hem-de Aýbegşazada Kürräýew şu ýaş derejesinde yklymyň çempionlygy ugrunda göreşer. Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Nepes Gukulowyň ýolbaşçylygynda nobatdaky ýaryşa gatnaşjak bu ýaşlaryň ählisi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarydyr.
Bişkekde erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynyň tutluşyklary hem geçirilýär. Berdi Atabaýewiň hem-de Batyr Orazgylyjowyň tälimçiligindäki 17 ýaşa çenli bolan ýetginjekleri özünde jemleýän ýygyndymyza 7 türgen agzalyk edýär. Olar Azym Aşyrgulyýew, Ysmaýyl Muhammedow, Ýunusmuhammet Hallyýew, Alp Arslan Begenjow, Dawut Hojatow, Parahat Ataýew hem-de Orazmuhammet Hojalyýewdir.
Ýusup Melejäýew bilen Mekan Orazowyň ýolbaşçylygyndaky erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndymyzyň agzalarynyň çykyşlary bolsa 21-nji iýunda başlanyp, 28-nji iýunda jemlener. Mekan Muhammedow, Gurbanmuhammet Çaryýew, Arslan Amanmyradow, Atamyrat Çarlyýew, Şatlyk Hemeläýew hem-de Zyýamuhammet Saparow dagy şol ýaş derejesindäki ýygyndy toparymyzyň düzüminde göreş düşekçesine çykar.