
16 — 19-njy noýabrda Daşkendiň «Alpomiş» sport toplumynda düzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty geçirilýär. Ajaýyp sport ýaryşy 15 ýurtdan 350-den gowrak türgeni bir ýere jemledi.
Türkmen türgenleri medallaryň ikisine eýe çykmagyň hötdesinden geldiler. Olar kümüş we bürünç medallardyr.
Kümüş medala eýe bolmak ýaşlaryň ýaryşyna çykan pälwanymyz Nuriýa Pardaýewa miýesser etdi. Lebap welaýatynyň Köpetdag etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy 40 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykdy. Göreş wagtyndaky tehnikasy, durnuklylygy hem-de netijeleri gysga wagtda kabul etmek ukyby onuň kümüş medala eýe bolmagyny şertlendirdi.
Bürünç medala bolsa türkmen ýygyndysyna 50 kilograma çenli agram derejesinde wekilçilik eden Behruz Bahriddinow mynasyp boldy. «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy ussatlygyň ýokary derejesini görkezmegi başardy hem-de bürünç medala uzaýan ýoldaky garşydaşlaryndan üstün çykmagyň hötdesinden geldi.
Dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty şu gün — 19-njy noýabrda tamamlanar.