Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary: türkmenistanly türgenleriň medallary 24-e ýetdi

SalamNews
Sport / Başa-baş söweş

Türkmenistanly türgenleriň Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlarynda 17 medala eýe bolandygy hakyndaky habarymyzy janköýerler bilen paýlaşanymyza heniz kän wagt geçenok. Muňa garamazdan, türkmen türgenleriniň netijeli çykyşlary ýurdumyzyň baýrak gaznasynyň yzygiderli baýlaşmagyny şertlendirdi.

Alyş göreşiniň nusgawy usulyndan netijeli çykyş eden ildeşimiz Naziýa Joraýewa 75 kilogramdan ýokary agramda bäsleşip, erkin usulyndan hem bürünç medala eýe boldy.

Gazak göreşi boýunça hem uly üstünlikler gazanyldy. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Tejen Tejenow +100 kg agramda kümüş medala mynasyp boldy. Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Begli Meretgeldiýew 60 kg-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Jumahal Kurbanowa 55 kg-de, Kamila Pardaýewa 65 kg-de, Aziza Kurbanowa bolsa +65 kg-de hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nobatgeldi Bazarow bolsa ýaryşyň ahyrky gününde tatar göreşi boýunça tapawutlandy. Ol 100 kilogram agram derejesinde oýunlaryň bürünç medalyna eýe çykdy.

Şeýlelikde, düýn tamamlanan Çarwadarlaryň nobatdaky Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri 24 medal gazanmagy başardylar.

Iň täze habarlar

Wezipesini taşlan 4-nji tälimçi boldy

Katar 2022-de dowam edýän Dünýä Kubogynda şu gije 1/8 finalyň duşuşyklary tamamlanar we çempionata 2 günlük arakesme berler.
SalamNews

Horwatiýa bilen Braziliýa çärýek finala çykdy, Aziýada aziýalylar galmady

Katar 2022-de ýene-de 2 çärýek finalçy belli bolup, aziýaly wekilleriň 2-si bir gijede çempionat bilen hoşlaşdylar.
SalamNews

Türkmen ýygyndysy agyr atletika boýunça dünýä çempionatyndaky çykyşlaryna başlar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatynyň geçirilýän ýerine — Kolumbiýanyň Bogota şäherine bardylar. Indi bolsa olaryň şol ýerde başlanan çempionatyň ýaryş münberine çykmaklaryna garaşylýar.
SalamNews