Iki ýeňilmezek boksçy Meýwezer bilen Mur 14-nji maýda duşuşyk geçirýär

Iki ýeňilmezek boksçy Floýd Meýwezer bilen Don Mur 14-nji maýda özara tutluşyk geçirer. «Global Titans» bäsleşiginiň çäginde guraljak bu şou, görkezme duşuşygy BAE-niň Dubaý şäherindäki meşhur «Burj Al-Arab» myhmanhanasynyň iň ýokarsynda, dikuçar gonýan meýdançada, halk arasynda «Parus» diýilýän ýerde geçiriler. Şouň çäginde UFC-niň ozalky çempiony Anderson Silwa bilen braziliýaly MMA söweşijisi Bruno Maçadonyň arasynda-da boks tutluşygyny guralar.
Boks karýerasyny ýeňlişsiz tamamlan Floýd Meýwezer geçiren 50 duşuşygyndaky 50 ýeňşiniň 27-sini nokaut bilen gazandy. Görkezme çykyşyndaky garşydaşy Mur hem ýeňlişsiz bolup, ol 18 duşuşygynda 17 gezek bäsdeşlerinden rüstem çykmagy başardy. Ol bir gezek hem deňme-deň netije görkezdi.
Don metbugat ýygnagynda: «Şeýle çärä gatnaşýandygym üçin men örän şat. Sebäbi men hem edil Floýd ýaly Rojer Floýddan tälim aldym. Şol sebäpli Floýda kynçylyk döredip bilerin. Men howply Don Muruň kimdigini görkezmek isleýärin. Floýdyň ejiz taraplaryny görkezmek üçin köp türgenleşik geçdim. Bu meniň üçin pursat. Wagty geldi. Floýd ýeňilmezek däl. Islendik adam hem ýeňlip biler» diýen beýanat bilen çykyş etdi.
Aslynda, Meýwezer bilen Mur öňem duşuşyk geçirmelidiler. Ikisi ýetginjek ýyllarynda Miçiganda geçirilen ýaryşda geljekki Olimpiýa bürünç medalynyň ýeňijisi Meýwezer bäsdeşsiz galypdy. Ýöne şonda Mura has meşhur biri bilen ringe çykmak teklip edilipdi. Emma duşuşyk geçirilmedi.
Bu barada Mur «The Sun» gazetine beren beýanatynda: «Ikimiz duşuşyk geçirmedik. Ýöne kakasy, umuman, maşgalasy şol ýere gelipdi. Şol wakalar ýadyma düşýär. Aslynda, biziň hekaýamyz hem şol pursatda başlapdy» diýýär.