Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabat — Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bosagasynda

SalamNews
Sport / Başa-baş söweş
Aşgabat — Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bosagasynda

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna diýseň az wagt galdy. Ajaýyp sport baýramynyň çägindäki çäreler 23 — 28-nji noýabr aralygynda ýaýbaňlandyrylar.

Gözel paýtagtymyz eýýäm ajaýyp baýramçylyga taýýar. Aşgabadyň ajaýyp köçelerini bezeýän ýazgylarda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň sport mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Çempionata gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord görkezijiniň bellige alnandygy, bu sanyň has-da artyp biljekdigi hakyndaky hoş habar bolsa sport ýurdy hökmünde dünýädäki abraýyny günsaýyn pugtalandyrýan Türkmenistanyň şeýle ajaýyp sport baýramçylyklaryny guramakdaky hem-de geçirmekdäki tejribesiniň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Dünýä çempionatynyň meýilnamasy hakynda gysgaça belläp geçsek, 23-nji noýabrda ýaryşyň myhmanlarynyň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Şol gün Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ýygnagynyň guralmagy meýilleşdirilýär. 24-nji noýabrda Dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndy toparlar bellige alnar. Şeýle-de tälimçiler we eminler üçin geçiriljek halkara okuw-seminar maslahatyna gatnaşyjylar hasaba alnar. 25-nji noýabrda Dopinge garşy halkara barlag gullugynyň guramagynda (ITA) tälimçiler üçin seminaryň, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň kongressiniň, şeýle hem günüň iň möhüm wakasynyň — Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň guralmagy meýilleşdirilýär. 26-njy noýabrda okuw-seminar maslahatlarynyň ikisi, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň guramaçylyk toparynyň ýygnagy hem-de eminleriň maslahaty ýaýbaňlandyrylar. Şeýle-de ähli agram derejeler üçin resmi bije çekişlik bolar. 27-28-nji noýabrda bije çekişlikden başlanjak tutluşyklar bolsa Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijilerini kesgitlär.

Aşgabat — Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bosagasynda

Biz çempionatyň petekleriniň satylyp başlanandygyny hem habar beripdik. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary ajaýyp sport baýramçylygynyň dartgynly tutluşyklaryna tomaşa etmek üçin şol petekleri yzygiderli satyn alýarlar.  

Biz bolsa Dünýä çempionatyň ýatdan çykmajak täsirlerini okyjylarymyz bilen paýlaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Iň täze habarlar

«Al Hilal» «Al Nassrdan» üstün çykdy, Ronaldunyň goly hasaba alynmady

Saud Arabystanynyň çempionatynda 15-nji tapgyrda 2 öňdebaryjy klub duşuşdy.
SalamNews

Ýeňşe uzaýan ýolda ahyrky ädim: «Arkadag» topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony bolup biler

Ertir Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň çäginde geçiriljek «Arkadag» we «Altyn Asyr» futbol toparlarynyň duşuşygy Türkmenistanyň nobatdaky çempionyny kesgitläp biler.
SalamNews

Şu gün agşam EURO 2024-iň bijeleri çekilýär

Şu gün agşam geljek ýyl Germaniýada geçiriljek futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň bije çekiliş dabarasy geçiriler.
SalamNews