Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Watandaşlarymyz «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

SalamNews
Sport / Awtosport
silkwayrally.com

«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ahyrky gününiň geçilmeli menziliniň uzynlygy bütin ýaryşyň taryhyna iň gysga tapgyr hökmünde girdi. Bu gün ekipažlar bary-ýogy 118 kilometrlik ýola rowana boldular. Muňa garamazdan, hut şu ýerde, şu tapgyrda ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Lipesk — Moskwa ýol ugry boýunça geçilen 10-njy tapgyryň dartgynly pursatlarynyň jemlenmegi bilen, 12-nji gezek geçirilýän «Ýüpek ýoly» halkara rallisi taryha girdi. Ajaýyp awtosport baýramy sportuň şu görnüşinden türkmen mekdebiniň  kämillik derejesiniň görkezijisine öwrüldi.

Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew «Ýüpek ýoly 2022» ralli-reýdiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň (T2) arasyndaky ýaryşyny ýeňiş bilen jemledi («Nissan Patrol», 48:47:25). Bu barada ralliniň resmi saýtynda habar berildi. Şamyrat Gurbanow bilen Muhammetmyrat Gurbanowyň ekipažy ikinji orna mynasyp boldy («Nissan Patrol», +0:07:47). Üçünji orny hem türkmen ekipažy eýeledi. Bu ekipažyň agzalary Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdyr («Nissan Patrol», +3:59:44).

Ýaryşda birinji ýer alan topar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişlidir. Ol agentligiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 80-87 AGD döwlet belgili, 2009-njy ýylda öndürilen «Nissan Patrol» awtoulagynda çykyş etdi.

Jemleýji tapgyryň netijelerine gysgaça ünsi çeksek, T2 ýaryşynyň onunjy tapgyrynyň ýörite meýdanyny birinji bolup geçmek ýene-de peterburgly Dmitriý Woronowyň paýyna düşdi. Bu onuň yzygiderli 4 tapgyryň ýeňşini elden bermändigini aňladýar. Şeýlelikde, «LADA NIVA Legend» topary tizlikde-de, ygtybarlylykda hem ykjamdygyny subut etdi. Muňa garamazdan, zawod toparynyň ekipažy başlangyç ýaryşda uly jerimä sezewar boldy. Bu ekipažyň netijeleri umumy ýeňiş ugrundaky aýgytlaýjy göreşe goşulyp bilmedi.

Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň (T2) ýaryşynyň umumy hasap boýunça ýeňijisini kesgitlejek göreş iki türkmen ekipažynyň arasynda dartgynly ýagdaýda dowam etdi. Şamyrat Gurbanow Merdan Toýlyýewiň ekipažyny ozup bilermi ýa-da ýok? Garaz, hemmeleriň ünsi şu bäsleşikde jemlendi. Şeýlelikde, Toýlyýew ýeňşi elden bermedi. Gurbanowyň yzyndan ýetmegine garaşman, diňe öňe okgunly hereketini dowam etmegi ýeňşiň onuň tarapynda bolmagyna getirdi.

«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň pellehanasy bolan «Lužniki» olimpiýa toplumynda ýaryşyň ýapylyş dabarasy guralyp, şol ýerde ýeňijiler sylaglandy.

Türkmen ekipažlarynyň halkara rallidäki ajaýyp pursatlaryny fotoreportažymyzda görüp, geçen menzilleri hakynda «Awtosport» bölümimizde okap bilersiňiz.

Iň täze habarlar

Messiniň 800-nji goly

Dünýä Kubogyndan soň ilkinji gezek öz meýdançasynda janköýerleriniň öňünde duşuşyk geçiren Argentinanyň ýygyndysy Panamanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny gurady.
SalamNews

Italiýany ýeňen Angliýanyň ýyldyzy Keýn Runiniň rekordyny täzeledi

EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde esasy düzüminde «C» toparçada Italiýa bilen Angliýa duşuşdy.
SalamNews

Milli toparda 2 gol geçiren Ronaldunyň täze rekordlary

Futbol boýunça geljek ýyl Germaniýada geçiriljek EURO 2024-iň saýlama tapgyryna badalga berildi.
SalamNews